Kevin Walter
Mekdebiň Birinji Güni (2nji bölek) Nahar wagtyndan soň ýine klasa gidipdirler we mugallyma: “Bilýädiňizmi? Kümüş geçen ýyl hem öwrenji bolupdur” diyip sorapdylar. Gözel Daýza: “Näme? Nähili beýle bolýa? Kakaň şu gün birinji gündigiňi aýtypdyr” diýipdir. Kümüş mugallymyna: “Dogry, şu gün bu mekdebde birinji günümdür! Ýöne birinji günüm mekdebde däl. Men geçen ýyl başga şäherde mekdebe gitdim! Şoň üçin hemme zady öň öwrendim” diýip jogap beripdir. Mugallymy oňa: “Wii, meni bagyşlaň! Bilmedim-de. Näme üçin kakaň ikinji klasdigiňi aýtmady?” diýip sorapdyr. Ýöne Kümüş ony bilmändir. Bir näçe sagat soň Kümüşüň kakasy gaýdypdyr. Kümüş “Salam Kaka!” diýip gygyrypdyr! “Şu gün örän gowy geçti. Men şu mekdebi halaýan. Ertir ýine gelip bilýanmi?” diýip sorapdyr. Kakasy “Meni bagyşlaň. Ýalňyşypdyryn. Sen şu mekdebe gitmeli däldiň. Seň mekdebiňi öýümize golaýrak ekeni. Bagyşlaň meni bilemokdym” diýip jogap beripdir. Kümüş oňa: “Çynmy kaka? Näme üçin? Köp daş däl” diýipdir. Ol salymda Gözel Daýza gelipdir we olara: “Bize problema däl. Gelip bilýä. Ýöne başga bir zady bilmeli, Aga. Şu klas birinji klasdyr. Kümüş ikinji klas gitmeli ekeni” diýipdir. Kakasy: “Wii, köp ýalňyşypdyryn!” diýip. Ondan soň hemmeler bilenlikte gülüpdürler.
Sep 12, 2012 4:09 PM